Ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmeklik Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysynyň kanuny borjudyr.

- Däne ammarlarynda däneden başga ýangyn howply materiallaryň, islendik enjamlaryň, tirkeg serişdeleriň saklanmagyna hem-de işjeň ýagdaýdaky mehanizmleriň gözegçiliksiz galdyrylmagyna ýol bermäň!

Transportýor lentalarynyň sürtülýän ýerleriniň we ondaky podşipnikleriň wagtynda ýaglanyp durulmaly, lentalary sünen transportýorlaryň işledilmezligi, şeýle hem lentalara bellenen agramyndan artykmaç ýüklenilmezligi we şol enjamlarda tehniki hyzmatlaryň yzygider geçirilmegi berk gözegçilikde saklanmaly.


Dänäniň öz-özünden tutaşmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän agdaryş-guradyş işleri üçin ammarlaryň umumy göwrüminiň 10 %-mi boş saklanmaly.





Kärhanalarda içerki we daşarky suw çeşmeleri, ýangyn suw howuzlary abat ýagdaýda saklanyp, kärhanalaryň çäkleri ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen doly üpjün edilen ýangyn germewleri goýulmaly. Şeýle-de kärhanalaryň binalaryna barylýan ýollarda päsgelçilik beriji we jaýlaryň ýangyna garşy araçäklerinde ýanyjy materiallary goýmak talabalaýyk däldir.
Galla kabul ediji we gaýtadan işleýän kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda yzygiderli ýangyna garşy wagyz-ündew çärelerini geçirip, meýletin ýangyn söndüriji toparlaryny döretmeli we olaryň agzalarynyň öz wezipe borçlaryny bilmeklerini gazanmaly.
Galla kabul ediji we gaýtadan işleýän kärhanalaryň jaýlarynda  oturdylan ýangyna garşy ulgamlary bolan awtomatlaşdyrylan ýangyn duýduryjy, habar beriji, içerki ýangyna garşy howa sorujy wentilýasiýalary şeýle-de beýleki ulgamlary berk gözegçilikde saklanmaly.
Kärhanalaryň elektrik ýagtylandyryjy çyralarynyň daşlary aýna gorag örtügi bilen ýapylan bolmaly.




Kärhananyň elektrik geçiriji simleriniň daşky örtüklerniň toga garşy saklanyş derejesini öz wagtynda barlap durmaly.




Kärhanalaryň elektrik toguny paýlaýjy germewlerinde döwlet ülňülerine gabat gelýän awtomatiki öçürijileri ulanmaly we ähli elektrik akymy bilen işleýän enjamlaryna çekilen tok geçirijileriň abat we talabalaýyk birikdirilmegini üpjün etmeli şeýle-de işjeň mehanizmleri gözegçiliksiz galdyrylmagyna                                     ýol bermäň.

ÝANGYNDA ÖÝ WE IŞ TELEFONLARYNDAN 01, ÖÝJÜKLI TELEFONDAN 001 BELGÄ JAŇ EDIP DÖWLET ÝANGYN HOWPSUZLYGY GULLUGYNA HABAR BERIŇ!