Awtoulaglaryň sürüjileriniň ýol hereketiniň kadalarynyň düzgünlerini bozanlygy üçin jerimeleriň möçberleri barada

210-njy madda. Ulag serişdelerini ulanmak kadalarynyň sürüjiler tarapyndan bozulmagy

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan, ýagny durzuş ulgamy, rul dolandyryşy we dartyjy-birleşdiriji enjamlary näsaz bolan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -
Binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi (50 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik: Şu Kodeksiň 181-nji, 210–217-nji, 219-njy, 221–224-nji, 226–231-nji, 233–235-nji we 240-njy maddalarynda ulag serişdeleri diýlende ýollarda adamlary gatnatmak, ýükleri ýa-da üstünde oturdylan enjamlary daşamak üçin niýetlenilen awtomobilleriň we traktorlaryň ähli görnüşlerine, trolleýbuslara, motosikllere, özi ýöreýän maşynlara we gaýry serişdelere düşünmeli.

211-nji madda. Abzallary, enjamlary we gurluşlaryň beýleki bölekleri enjamlaşdyrylmadyk ýa-da talaba laýyk oturdylmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy

1. Ýol hereketiniň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän, ýagny aýnalary ýa-da yzy görüş aýnalary, lukmançylyk derman gutujyklary, ot söndürijisi, ýol-ulag hadysasy sebäpli duruş nyşany, eňňide tarap süýşmez ýaly diregleri, şonuň ýaly-da motoulaglaryň gurluşlarynda göz öňünde tutulan howpsuzlyk egmegi bolmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -
duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegi (10 manat) möçberde jerime salynmagyna eltýär.
2. Ýol hereketine gatnaşýan sürüjiler tarapyndan motoşlýomlary ýa-da howpsuzlyk kemerini ulanmak kadalarynyň bozulmagy ýa-da ulag serişdesiniň ýolagçylarynyň bu kadalary berjaý etmegine gözegçilik edilmezligi -
duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegi (20 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
3. Öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk närseler (şekil görnüşde hasaba alyş enjamdan başga), ýagny ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan abzallar we tilsimler (prožektorlar, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylyp ýa-da artdyrylyp goýulan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, şeýle hem bellenilen kada bozulyp garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar, aýnalaryň ýüzüne tutulan dürli örtükler (muňa ulag serişdelerinde iki tarapynda yzy görüş daşky aýnalary bolan we sürüjiniň oturan ýerinden töweregi görüşini çäklendirmeýän halatlary girmeýär)) hem-de ulaga bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän tekerler bilen enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň ulanylmagy –
binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
4. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilenlerden beýleki dürli närseleriň ulag serişdelerinde goýulmagy -
binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi (50 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
5. Ulag serişdeleriniň daşky yşyk enjamlaryny we ses duýduryjylaryny peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem hapalanan (aýnalaryndan daşyny, döwlet bellige alnyş nyşanlarynyň ýazgysyny görmäge mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da kysymyny, reňkini saýgaryp bolmadyk ýa-da tekerleri ýol örtüginde hapa galdyrýan) ulag serişdeleriniň, şol sanda daşky yşyk abzallary we yşyk gaýtaryjylary işlemeýän ýa-da hapalanan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy –
binýatlyk mukdaryň 0,3 bölegi (30 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

212-nji madda. Hasaba we bellige alyş kadalarynyň bozulmagy

1. Bellenilen tertipde bellige alynmadyk, döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik, bellenilen nusga laýyk gelmeýän döwlet bellige alnyş nyşanlary bolan ýa-da ýük awtoulaglaryň, tirkegleriň, awtobuslaryň nowasynyň yz tarapynda gaýtalanýan döwlet bellige alnyş nyşanlary bolmadyk ýa-da döwlet bellige alnyş nyşanlarynyň ýazgysyny okamak mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da degişli rugsat almazdan başga reňke reňklenen ýa-da awtoulagyň başga bir görnüşine ýa-da kysymyna üýtgedilip gurlan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk mahabat we mahabat görnüşli maglumat beriji ýazgylary bolan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -
duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi (50 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Döwlet bellige alnyş nyşanlary bolmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy-
duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
3. Galp döwlet bellige alnyş nyşanlary bolan ýa-da döwlet bellige alnyş nyşanlary görnetin aýrylan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -
binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli (300 manatdan 500 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.
4. Ulag serişdesiniň bellige alyş we beýleki resminamalary ýanynda bolmadyk adamlar tarapyndan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -
binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegi (10 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

213-nji madda. Ulag serişdesini dolandyrýan adam tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan hereketiň edilmegi

Hereket edýän ulag serişdesini dolandyrýan adam tarapyndan ünsi sowujy (telefonda gürleşmek, iýip-içmek, çilim çekmek, ýol hereketine gatnaşyjylary howlukdyrmak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek we beýlekiler) ýa-da ulag serişdesiniň onuň daşyna beden synalarynyň görnetin çykarylyp dolandyrylmagy hereketleriň edilmegi -
binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

214-nji madda. Ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan hereket tizliginiň artdyrylmagy

1. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy -
duýduryş berilmegine eltýär.
2. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy -
binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi (50manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
3. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy -
binýatlyk mukdaryň ikisi (200 manat)möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
4. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 50 kilometrden ýokary artdyrylmagy -
binýatlyk mukdaryň bäşisi (500 manat) möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik: Gaýragoýulmasyz gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howpsuzlygy, beýleki dessin we ýörite gulluklaryň gök-gyzyl reňkli ýylpyldaýan yşyjygy ýakylan ulaglarynyň sürüjileri, şeýle hem döwlet we resmi wekilýetleriň ulaglarynyň guramaçylykly kerwenleriniň düzüminde hereket edýän sürüjiler hereket howpsuzlygyny berjaý etmek şerti bilen Ýol hereketiniň kadalarynyň bellenilen talaplarynyň çäginden çykyp bilerler.

2141-nji madda. Ýol belgileriniň talaplarynyň berjaý edilmezligi, durmak ýa-da säginmek kadalarynyň bozulmagy

1. Ýol belgileriniň (hereketde artykmaçlygy görkezýän, gadagan ediji, buýruk beriji belgileriň) ýa-da ýollaryň ýörelýän bölegindäki bellikleriň, hereketde artykmaçlyk bermek talaplarynyň berjaý edilmezligi, ozup geçmek, pyýada geçelgelerinden geçmek ýa-da jemgyýetçilik ulagyny duruzmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem garaňkyda ýa-da ýol oňat görünmeýän wagtynda yşyklandyryjy abzallary peýdalanmak kadalarynyň berjaý edilmezligi -
duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi (50 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Ýol yşygyň gadagan ediji duýdurmasyna ýa-da hereketi düzgünleşdirijiniň eli, ala taýagy bilen edýän gadagan ediji üm-hereketine garaman geçilmegi -
binýatlyk mukdaryň ikisi (200 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
3. Ulag serişdeleriniň durmak ýa-da säginmek kadalarynyň bozulmagy -
binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
4. Ulag serişdeleriň pyýada ýodalarynda sürülmegi, säginmegi ýa-da goýulyp gidilmegi, şonuň ýaly-da ulag serişdeleri bilen ýaşaýyş jaýlaryna, binalara, desgalara we gurluşlara barylýan geçelgeleriň, ýollaryň, girelgeleriň ugurlarynyň beklenilmegi -
binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

215-nji madda. Heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren düzgün bozulmalaryň edilmegi

Şu Kodeksiň 214-nji, 2141-nji maddalarynda göz öňünde tutulan we heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren, ýagny herekete beýleki gatnaşýanlaryň tizligi, hereketiň ugruny üzül-kesil üýtgetmäge mejbur bolmagyna ýa-da olaryň öz howpsuzlygyny ýa-da ýol hereketine beýleki gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gaýry çäreleri görmegine getiren hukuk bozulmalaryň edilmegi -
binýatlyk mukdaryň dördüsi (400 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

216-njy madda. Ulag serişdelerinde ýolagçylary gatnatmak kadalarynyň bozulmagy

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýolagçylary gatnatmak kadalarynyň bozulmagy -
binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

217-nji madda. Ulag serişdeleriniň ýol hereketine päsgelçilik döremegine ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň emele gelmegine getirýän toparlaýyn hereket edilmegi

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýollarda, şeýle hem şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde toparlaýyn (iki we şondan köp) hereket edilmegine gatnaşyp (şol sanda toý we beýleki dabaralar geçirilende), onuň ýol hereketine päsgelçiligiň ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getirmegi –
binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli (200 manatdan - 400 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

218-nji madda. Ulag geçirijileriniň gabalmagy

Ulag geçirijileriniň gabalmagynyň guralmagy, şonuň ýaly-da olaryň gabalmagyna işjeň gatnaşylmagy, eger bu ýol hereketiniň kesilmegine ýa-da ulagyň işiniň başga bozulmalaryna getirmedik bolsa -
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat), wezipeli adamlara – ikisi (200 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

219-njy madda. Ulag serişdelerinde ýükleri daşamak hem-de olary tirkege almak kadalarynyň bozulmagy

1. Ulag serişdelerinde tirkege almak kadalarynyň bozulmagy -
binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi (50 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Ýüküň ulag serişdesini taýýarlaýjy tarapyndan kesgitlenen möçberinden artyk ýüklenip daşalmagy ýa-da ulag serişdelerinde ýükleri daşamak kadalarynyň gaýry bozulmalary -
binýatlyk mukdaryň ikisi (200 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär

220-nji madda. Mallary sürüp alyp gitmek kadalarynyň bozulmagy

Mallary ýoldan sürüp alyp gitmek we onuň üstünden geçirmek kadalarynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da mallaryň ýollarda gözegçiliksiz galdyrylmagy, eger bu ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salynmagyna getiren bolsa, -
binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli (100 manatdan - 200 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna eltýär.

221-nji madda. Demir ýol geçelgelerinden ulagly geçmek kadalarynyň bozulmagy

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan demir ýol geçelgelerinden geçmek kadalarynyň bozulmagy -
binýatlyk mukdaryň ikisi (200 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

222-nji madda. Serhoş ýagdaýda ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy ýa-da olary serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga rugsat edilmegi

1. Sürüjileriň ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmagy -
ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi çäresini ýerine ýetiren adam tarapyndan olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -
ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirip, on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.
3. Ulag serişdeleriniň görnetin serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga berilmegi -
binýatlyk mukdaryň altysy (600 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
4. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlar tarapyndan ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagy -
binýatlyk mukdaryň ýedisinden on ikisine çenli (700 manatdan - 1200 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.
5. Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -
binýatlyk mukdaryň sekizisinden ýigrimisine çenli (800 manatdan -2000 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.
6. Ulag serişdeleriniň ulanmaga goýberilmegi üçin jogapkär bolan wezipeli adam tarapyndan sürüjä ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmaga goýberilmegi -
binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli (100 manatdan - 300 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna eltýär.

223-nji madda. Ýol hereketiniň kadalary bozulyp, onuň maddy zyýan çekilmegine getirmegi

1. Şu Kodeksiň 210-njy, 214-nji, 2141-nji, 221-nji we 231-nji maddalarynda göz öňünde tutulan ýol hereketi kadalarynyň ýol hereketine gatnaşýanlar tarapyndan bozulmagy, eger bu zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyna çenli möçberde maddy zyýan ýetirilmegine getiren bolsa, şonuň ýaly-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adama ulag serişdesiniň dolandyrmaga berilmegi we onuň şeýle netijelere eltmegi -
binýatlyk mukdaryň ikisi (200 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksde göz öňünde tutulan gaýry bozulmalary, eger olar şu maddanyň birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa, -
binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
3. Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksiň 233-nji maddasynda göz öňünde tutulan bozulmalarynyň ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi üçin gös-göni jogapkär wezipeli adamlar tarapyndan edilmegi, şeýle hem olar tarapyndan dolandyrmak hukugy bolmadyk adama ulag serişdelerini dolandyrmaga berilmegi, eger bu şu maddanyň birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa, -
binýatlyk mukdaryň ikisi (200 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

225-nji madda. Ýoluň gatnawly böleginiň daraldylmagy ýa-da ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin wehim döredilmegi

Ýola närseleri we materiallary taşlamak, olary üýşürip goýmak ýa-da galdyrmak ýoly bilen ýoluň gatnawly böleginiň emeli daraldylmagy ýa-da ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salynmagy ýa-da onda beýleki päsgelçilikleriň döredilmegi -
binýatlyk mukdaryň 0,5  böleginden birisine çenli (50 manatdan - 100 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna eltýär.

226-njy madda. Ulag serişdeleriniň guramaçylykly kerwenleriniň hataryny ýa-da pyýadalaryň guramaçylykly toparlaryny kesip geçmek kadalarynyň bozulmagy

Ulag serişdeleriniň guramaçylykly kerwenleriniň hataryny ýa-da pyýadalaryň guramaçylykly toparlaryny kesip geçmek we olaryň düzümine goşulmak, eger bu ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim döredilmegine getiren bolsa, –
binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

227-nji madda. Ýoluň gatnawly böleginde päsgelçilikleriň döredilmegi

Ýoluň gatnawly böleginde, şol sanda toý we beýleki dabaralar geçirilende, ulag serişdeleriniň hereketiniň rugsat edilen tizligini çäklendirmäge getirýän ýa-da olaryň erkin geçmegini bökdeýän päsgelçilikleriň döredilmegi -
binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli (500 manatdan - 1000 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna eltýär.

228-nji madda. Ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy, sürüjilik şahadatnamasy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy çäklendirilen adamlaryň şolary dolandyrmagy

1. Ulag serişdelerini dolandyrmaga bolan hukugyny tassyklaýan sürüjilik şahadatnamasy, şeýle hem olary dolandyrmaga hukuk berýän ynanç haty ýanynda bolmadyk adamlaryň şol serişdeleri dolandyrmagy -
binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi (50 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adamlaryň ulag serişdelerini dolandyrmagy, şeýle hem ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adama ulag serişdeleriniň dolandyrylmaga berilmegi –
binýatlyk mukdaryň ikisi (200 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
3. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adamlaryň ulag serişdelerini dolandyrmagy –
binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli (300 manatdan - 500 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.
4. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adama ulag serişdeleriniň dolandyrylmaga berilmegi –
binýatlyk mukdaryň dördüsi (400 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

229-njy madda. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ygtyýarly işgärleriniň ulag serişdelerini duruzyp saklamak hakynda kanuny talabyny sürüjileriň ýerine ýetirmezligi, ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerini taşlap gitmegi we gözden geçirişden geçmekden boýun gaçyrmagy

1. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ulag serişdelerini duruzyp saklamak, ulag serişdelerini dolandyrmakdan çetleşdirmek hakynda kanuny talabyny sürüjileriň ýerine ýetirmezligi, şeýle hem ýol-ulag hadysasyna gatnaşanlaryň bellenilen kadalary bozup, hadysanyň bolan ýerini taşlap gitmegi -
binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsinden altysyna çenli (400 manatdan - 600 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.
2. Serhoşlygy barada güman etmäge ýeterlik esas bolan halatynda ulag serişdesini dolandyrýan adamyň bellenilen tertipde degişli lukmançylyk barlagyndan geçmekden boýun gaçyrmagy -
binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine  çenli (300 manatdan - 500 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýedisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

230-njy madda. Ýol hereketiniň kadalary bozulyp, onuň heläkçilik çekeniň synasyna şikes ýa-da maddy taýdan düýpli zyýan ýetirmegine getirmegi

1. Ulag serişdelerini dolandyrýan adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu jebir çekeniň synasyna ýeňil şikes ýetirilmegine ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde maddy zyýan ýetirmegine getiren bolsa, -
binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli (200 manatdan - 500 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary, eger olar jebir çekeniň synasyna ortaça agyrlykda şikes ýetirilmegine ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde maddy zyýan ýetirmegine getiren bolsa, -
binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli (500 manatdan - 1000 manada çenli)  möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

231-nji madda. Pyýadalaryň we ýol hereketine beýleki gatnaşyjylaryň hereketiň kadalaryny bozmagy

1. Pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünleşdiriji duýdurmasyna boýun egmezligi ýa-da bellenilmedik (geçmesiz) ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi, mopedleri, welosipedleri we gaýry hereket serişdelerini dolandyrýan adamlaryň, arabakeşleriň hem-de ýoldan peýdalanýan beýleki adamlaryň ýol hereketini düzgünleşdiriji duýduryjylara boýun egmezligi, hereketde ilkinjiligi görkezýän, gadagan ediji ýa-da buýruk beriji ýol belgileriniň talaplaryny berjaý etmezligi -
duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegi (20 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren bolsa, -
binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu hereketler seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna ýeňil ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetirilmegine getiren bolsa -
binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli (1000 manatdan - 2000 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

232-nji madda. Ýol hereketiniň kadalarynyň gaýry bozulmalary

Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksiň 210–231-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryndan gaýry bozulmalary -
duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegi (10 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

2321-nji madda. Ýol hereketiniň kadalarynyň fiziki şahslar tarapyndan gaýtadan bozulmagy

Şu Kodeksiň 211-nji maddasynyň üçünji böleginde, 212-nji maddasynyň ikinji böleginde, 213-nji maddasynda, 214-nji maddasynyň üçünji böleginde, 2141-nji maddasynyň ikinji böleginde, 215-nji, 218-nji maddalarynda, 219-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 221-nji maddasynda, 223-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 226-njy maddasynda, 237-nji maddasynyň dördünji böleginde, 243-nji maddasynyň üçünji böleginde we 2431-nji maddasynda göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin on gezek administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi -
ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

Bellik: Şu madda awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideo ýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň ýa-da foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin ulanylmaga degişli däldir.

233-nji madda. Tehniki näsazlygy bolan ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi we ulag serişdelerini ulanmak kadalarynyň gaýry bozulmalary

Ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan ulag serişdeleriniň, şonuň ýaly-da tehniki näsazlyklary sebäpli ulanylmagy gadagan edilen ýa-da degişli rugsat almazdan üýtgedilip enjamlaşdyrylan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi -
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

234-nji madda. Ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy bolmadyk we şol hukugy çäklendirilen adamlara ulag serişdesini dolandyrmaga rugsat berilmegi

1. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlara şol serişdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi -
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisi (200 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adamlara şol serişdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi -
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsi (300 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

235-nji madda. Ulag serişdeleriniň, maşynlaryň ýa-da mehanizmleriň saklanyş we peýdalanyş kadalarynyň bozulmagy

1. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ulag serişdeleriniň saklamak maksady bilen ýörite bölünip berlen goragly duralgalaryndan başga ýerlerde ýa-da sürüjileriň ýaşaýan ýerinde saklanylmagy, eger bu şol ulag serişdeleriň şahsy maksatlar üçin peýdalanylmagyna şert döredýän bolsa, -
duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň 0,2 böleginden 0,5 bölegine (20 manatdan - 50 manada çenli), wezipeli adamlara – 0,3 böleginden birisine çenli (30 manatdan - 100 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna eltýär.
2. Kärhanalara, edaralara, guramalara degişli ulag seriş¬deleriniň, maşynlaryň ýa-da mehanizmleriň betnebisli maksatlar üçin baş-başdak peýdalanylmagy -
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine (100 manada), wezipeli adamlara – ikisine (200 manada) çenli möçberde jerime salynmagyna, ulag serişdelerini dolandyrýan adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine (200 manada) çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

2361-njy madda. Ulag serişdeleriniň sürüjileriniň howply ýükler daşalanda ýoluň kesgitlenen ugrundan rugsatsyz çykmagy

1. Ulag serişdeleriniň sürüjileriniň howply ýükler daşalanda ýoluň kesgitlenen ugrundan rugsatsyz çykmagy –
binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli (200 manatdan - 500 manada çenli) möçberde jerime salynmagyna eltýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –
binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna  çenli (500 manatdan - 1000 manada çenli)  möçberde jerime salynmagyna eltýär.

237-nji madda. Demir ýol, deňiz, derýa we awtomobil ulagynda hem-de elektroulagda howply maddalary we närseleri, uly göwrümli we aýratyn agyr ýükleri daşamak kadalarynyň bozulmagy

3. Partlaýjy, aňsat ot alýan, zäherleýji, awuly maddalaryň we närseleriň trolleýbusda, awtobusda, marşrut taksisinde alnyp gidilmegi, şeýle hem bagaža ýa-da goş saklanylýan kamera tabşyrylmagy -
binýatlyk mukdaryň 0,3 bölegine (30 manat) çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
4. Awtomobil ulagynda howply ýükleri daşamagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy -
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat), wezipeli adamlara – ikisi (200 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

243-nji madda. Ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň we beýleki ýol desgalarynyň zaýalanmagy

1. Ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň, beýleki ýol desgalarynyň ýa-da ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdeleriniň zaýalanmagy –
binýatlyk mukdaryň 0,3 bölegi (30 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Ýol örtügini hapalamak, şol sanda hapalamak arkaly ýol hereketi üçin päsgelçilik döredilmegi – binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
3. Ýol örtüginde bilkastlaýyn yz galdyrylmagy ýa-da ulag serişdesiniň gödek dolandyrylmagy –
binýatlyk mukdaryň ikisi (200 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

2431-nji madda. Agyr agramly we uly gabaraly ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereket etmeginiň kadalarynyň bozulmagy

1. Ygtyýarly döwlet edarasyndan ýörite rugsatnama almazdan umumy agramy, okuna düşýän güýji we gabaralary bellenilen ölçegden ýokary bolan ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereket etmeginiň kadalarynyň bozulmagy –
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisi (100 manat), wezipeli adamlara – ikisi (200 manat), ýuridik şahslara – dördüsi (400 manat) möçberinde jerime salynmagyna eltýär.