Baş sahypa Pasport resmileşdirmek
Pasport resmileşdirmek

Pasport resmileşdirmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan talap edilýän resminamalar:

16 ýaşa ýetip ilkinji gezek pasport alýan raýatlar üçin:

  • Dogluş hakynda şahadatnama.
  • Ene-atasynyň ýa-da ýeke-täk enesiniň, atasynyň pasporty we nusgasy.
  • Hususy jaýda ýaşaýan bolsa öý kitaby.
  • Pasport bermek barada Görnüş-1 belgili arza we ýazga goýmaklyk üçin gelmekligiň salgy ýazmajy (pasport birliginde ýerinde doldurylýar we tassyklanylýar).
  • Döwlete, pudak edaralaryna degişli jaýlarda ýaşaýan bolsa öý dolandyryş edaralarynda, oba ýerlerinde geňeşliklerde Görnüş-1 belgili arza doldurylyp tassyklanýar we ýazga goýmak üçin ýazgy ýazmajy Görnüş-16 we gelmekligiň salgy ýazmajy doldurylýar.
  • Harby hasaba alnandygy barada şahadatnamasy (oglanlar üçin).
  • Ýazga goýmak üçin döwlet pajy 30 manat.
  • Pasport üçin töleg 25 manat (tölegler pasport birliklerinde terminalda tölenip bilner).
  • 35х45 mm. 2 sany surat.

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen we Türkmenistanyň raýatlygynda dikeldilen raýatlar üçin:

  • Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigi ýa-da Türkmenistanyň raýatlygynda dikeldilendigi baradaky kepilnamasy.
  • Pasport bermek barada Görnüş-1 belgili arza.
  • Ýazga goýmaklyk üçin gelmekligiň salgy ýazmajy.
  • Hususy jaýda ýaşaýan bolsa öý kitaby.
  • Döwlete, pudak edaralaryna degişli jaýlar bolsa ýazgy ýazmajy Görnüş-16.
  • Pasport üçin töleg 25 manat. Eger-de öň ýazgyda durmadyk bolsa döwlet pajy 30 manat.
  • 35х45 mm. 2 sany surat.

Ýitirilen (ogurlanan, ýanan) pasportlaryň ýerine täze pasport bermek üçin:

  • Pasportyň ýitirilendigi (ogurlanandygy, ýanandygy) barada ýaşaýan ýeri boýunça polisiýa bölümine arza.
  • Pasport bermek barada Görnüş-1 belgili arza.
  • Ýazga goýmaklyk üçin gelmekligiň salgy ýazmajy.
  • Hususy jaýda ýaşaýan bolsa öý kitaby.
  • Döwlete, pudak edaralaryna degişli jaýlar bolsa ýazgy ýazmajy Görnüş-16.
  • Pasporty ýitirendigi üçin administratiw jogapkärçilik. Duýduryş ýa-da 100 manada çenli jerime.
  • 35х45 mm. 2 sany surat.
  • Nika hakynda şahadatnama, nusgasy bilen.

Bellik: Eger-de raýatlar tarapyndan pasportyň ogurlanandygy barada degişli Polisiýa bölüminden we pasportyň ýanandygy barada ýangyn gullugyndan kepilnama bolan ýagdaýynda raýatlar administratiw jogapkärçilikden boşadylýar.

Pasport ulanmaga ýaramsyz bolan ýagdaýynda:

  • Ulanmaga ýaramsyz pasport.
  • Pasport bermek barada Görnüş-1 belgili arza.
  • Ýazgysyny goýmaklyk üçin gelmekligiň salgy ýazmajy.
  • Hususy jaýda ýaşaýan bolsa öý kitaby.
  • Döwlete, pudak edaralaryna degişli jaýlar bolsa ýazgy ýazmajy Görnüş-16.
  • Pasportyň bilkastlaýyn zaýalanandygy sebäpli ulanmaga ýaramsyz bolandygy üçin administratiw jogapkärçilik. Duýduryş ýa-da 100 manada çenli jerime.
  • 35х45 mm. 2 sany surat.

Familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, milletini üýtgedenler ýa-da ýazgylarda nätakyklar ýüze çykarlan halatynda:

  • Öňki pasporty.
  • Pasport bermek barada Görnüş-1 belgili arza.
  • Hususy jaýda ýaşaýan bolsa öý kitaby.
  • Döwlete, pudak edaralaryna degişli jaýlar bolsa ýazgy ýazmajy Görnüş-16 we gelmekligiň salgy ýazmajy.
  • Familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgedenligi barada RÝNÝ (ZAGS) bölümleri tarapyndan berlen şahadatnama.
  • Milletini üýtgeden raýatlar üçin häkimligiň karary
  • Pasportdaky ýazgylarda nätakyklar ýüze çykarylan halatynda şol ýagdaýlary tassyklaýan resminama.
  • Pasport üçin töleg 25 manat.
  • 35х45 mm. 2 sany surat.