Baş sahypa Ministrlik hakynda
Içeri işler ministrligi hakynda

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň taryhy

Patyşa Russiýasynyň agalygy döwründe Zakaspi oblastynda jemgyýetçilik tertibiniň goralyşy (1881-1917ý.)

XIX asyrda Türkmenistanyň ýurdyň dolandyrylyş özboluşlylygy bütewi türkmen döwletiniň bolmadyk bu döwründe millet taýpa, urug, tire bölünişigine eýe bolupdyr. Her oba öz-özüni dolandyrypdyr. Haýsydyr bir mesele ýüze çykanda, obanyň ýaşululary ýygnanyşyp maslahata goýupdyrlar. Ähli meseleler şol döwrüň jemgyýetçilik kanunlaryna, halkyň milli däp- adatlaryna laýyklykda çözülipdir.

XIX asyrda Türkmenistanyň ýurdyň dolandyrylyş özboluşlylygy bütewi türkmen döwletiniň bolmadyk bu döwründe millet taýpa, urug, tire bölünişigine eýe bolupdyr. Her oba öz-özüni dolandyrypdyr. Haýsydyr bir mesele ýüze çykanda, obanyň ýaşululary ýygnanyşyp maslahata goýupdyrlar. Ähli meseleler şol döwrüň jemgyýetçilik kanunlaryna, halkyň milli däp- adatlaryna laýyklykda çözülipdir.

XVII asyrdan başlap ruslaryň hazar deňziniň kenaryna gelmegi bilen, rus-eýran gatnaşyklaryndan başlap türkmeniň ykbalynyň kemsidilenligine, oturymly ýerleriniň azaldylandygyna, türkmen halkynyň taýpa-tire agzalalygynyň, goňşy döwletler bilen ýer-suw dawalarynyň gurnalandygyna taryh şaýat. 1879-1981-nji ýyllarda bolan Gökdepe urşy türkmen milletiniň syýasy, ykdysady ýaşaýyş-durmuşyna guran zarbasynyň täsiri netijesinde türkmen döwleti ýykyldy. Rus döwleti türkmen topragynda özüne garaşly iş dolandyryş, medeni we dini wagyz-nesihaty ýaýbaňlandyrdy.

XIX asyryň ikinji ýarymynda Türkmenistanda belli bir kämil döwlet bolmansoň ýurdy dolandyrmakda, tertip-düzgini ýola goýmakda hanlaryň, serdarlaryň begleriň, jigitleriň, miraplaryň we din wekilleriniň uly hyzmaty bolupdyr.

Hanlar XIX asyrda türkmenistanda taýpa hany tire hany, oba hany bolupdyr. Han başarjaň abraýly adamlarda saýlanypdyrlar, hanlyk nesillen nesile geçmändir.

Serdarlar, Begler türkmenleriň jemgyýetçilik durmuşynda serdar uly rol oýnapdyr. Begler we serdarlar uly hanyň ýakyn kömekçileri hasaplanypdyr (aram-aram harby tälimler bilen alamana gelipdir) parahatçylyk döwürlerinde begler we serdarlar dürli meseleleri çözmäge gatnaşypdyrlar. Jigitler ähli meselelerde hanlaryň, serdarlaryň ýakyn kömekçileri bolupdyr. Şeýle bolansoň hasyl ýetişende, olaryň degişli hakyny beripdir.

Miraplar obada esasy rol oýnapdyr. Obanyň suw üpjünçiligi üstüne düşüpdir. Oba miraplary uly miraplary işçi güýji bilen üpjün edipdirler(ýaplar gazylyp arassalananda miraplar atly aýlyk ýada bir ýyllyk möhleti bilen saýlow esasynda saýlanypdyr. Egerde işde özüni görkezip bilse öňki ýerine täzeden saýlanypdyr. Ruslar türkmenistany eýeländen soň miraby özleri saýlapdyrlar.

Din Wekilleri esasy mollalarçagalary okadypdyrlar. Halkyň aýat-töwürlerine we beýleki meselelerine gatnaşdylar. Maslahatlaryna gatnaşyp öz pikirlerini aýtamaga hukuk bolupdyr. Kazylar şu döwürde Buhara Emirliginiň we Hywa hanlygynyň permanlaryny, hökümlerini we buýruklaryny olaryň gol astyndaky türkmenlere ýetiripdirler

XVII asyrdan başlap ruslaryň Hazar deňziniň kenaryna gelmegi bilen, rus-eýran gatnaşyklarynda türkmeniň ykbalynyň kemsidilenligine, oturymly ýerleriň azaldylandygyna, türkmen halkynyň tire-taýpa agzalalygynyň goňşy döwletler bilen ýer-suw dawalarnyň daşyndan gurnalandygyna taryh şaýat. 1879-81-nji ýyllarda bolan Gökdepe urşy türkmen milletiniň syýasy, ykdysady, ýaşaýyş durmuşyna, milletiň jemgyýetine uran zarbasynyň täsirini netijesinde türkmen döwleti ýykyldy. Rus döwleti türkmen topragynda özüne garaşly iş dolandyryş, madeni we dini wagyz-nasihatyny ýaýbaňlandyrdy.

1881-nji ýylda ruslar Ahaly eýeländen soň ýurdy dalandyrmak, halky golastyndan saklamak üçin ýerli ilatdan tertip-düzgüni goraýj milisiýa toparlaryny (ferraçlary) döredip başlaýarlar. Olaryň wezipe birligini belläp, topar serkerdelerine we milisionerlere zähmet haklaryny töläpdirler. Bu toparlara obalardan saýlama ýigitleri seçip alypdyrlar we öz hökümini ýöredipdirler .

TÜRKMENISTANDA POLISIÝA DOLANDYRŞYNYŇ KEMALA GELMEGI (1881-1917Ý.)

Ruslar ýerli halky dolandyrmakda we hemişelik gözegçiligi saklamak üçin ilaty uýezdler, wolostlar we obalar boýunça bölüpdirler. Wolost dolandyrjynyň iň esasy borçlary şu aşakdakylardan ybarat: kanunlaryň we buýruklaryň erineetirilişine, her hili dawalaşmalaryň we uruşlaryň derrew öňüni almak bilen, obada parahatçylygyň we tertibiň saklanmagyna., şübheli adamlaryň özüni alyp barşyna gözegçilik edýärler, obalardagy öýleriň hasabyny ýöredýär, oba arçynlarynyň hereketlerine gözegçilik edýärler, umuman, wolostda poliseý we seremjan beriji häkimýet özünde jemleýär .

Pristawyň borçlary we hukuklary

Pristaw patyşa Russiýasy döwründe ýerli etrap polisiýa bölüminiň başlygy hasaplanypdyr , onuň borçlary şu aşakdakylardan ybaratdyr: ol ýerli ilatyň parahatçylygyna we düzgün-tertibine gözegçilik edýär, kanunlaşdyrlan salkytlaryň we ýygymlaryň dogry tölenilişine hem-de olaryň dogry bölünişine: ilatyň hasaba alnyşyna hem-de gözegçilik tertibine:ýerli ilatda suduň we jezalandyrşyň halk adalatlaryna hem-de onuň üçin bellenilen kadalara laýyklykda geçirilmegine gözegçilik edýär:obalarda ähtibarsyz adamlaryň hem-de kanun tarapyndan yzarlanýan adamlaryň bolmazlygyny gazanýar. Ýöne bu zatlaryň hemmesi agyr jezalandyrmalaryň we zorluklaryň astynda bolup geçipdir ’’Halk adalatlary „diýilýänler kagyz ýüzünde galypdyr.

Ilkinji IIH-niň döredilmegi (1924-1925 ý.)

Türkistan ASSR-niň MIK-niň 1924-nji ýylyň Ruhnama aýynda bolup geçen adatdan daşary III Sessiýasy Türkistan halkynyň ykbalyny şeýle kesgitledi: „Türkistanyň halky milli Türkistan Sosialistik Awtonom Respublikasyny döretmäge mümkinçilik aldy“. Şu karar esasynda sessýa Türkmen halkyna Türkistan ASSR-iň düzüminden çykmaga we Türkmenistan SSR-ni döretmäge hukuk berdi. Emma muňa garamazdan, SSR-iň tabynlygyndaky bakna türkmenistan boldy hakyky Garaşsyz Türkmenistan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň başda durmagy bilen 1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde döredildi.

SSR-iň Soýuzynyň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň 1924-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde bolan ikinji sessiýasy Orta Aziýada şu respublikasynyň öz gurultaýlarynyň karary esasynda respublika döretmäge ygtyýar berilmegi SSR-iň Soýuzynyň MIK-niň Prezidiumyna tabşyrdy. Şol günden başlap 1924-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-si Türkmenistan SSSR-niň döredilen güni hasap edilip gelindi.

1925-nji ýylyň baýdak aýynyň 20-side Birinji Bütintürkmen gurultaýy boldy we onda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilendigine jar etdi. Emma muňa garamazdan, Türkmen halky özbaşdak milli döwlet döredip, baknalykdan çykyp bilmedi.

1924-nji ýylyň Sanjar aýynyň hakyky hökümetiň wezipelerini ýerine ýetirip bilýän Türkmenistan SSR-niň Rewkomy döredildi, we ol merkezi organlary hem-de narkomaty döretmek işlerini alyp bardy, TSSR Sowetleriniň 1-nji gurultaýyna taýýarlyk işlerini ýola goýdy.

TSSR Rewkomynyň 1924-nji ýylyň Sanjar aýynyň 19-yndaky karar bilen Merkezi dolandyryş edarasy döredildi, onuň düzümine Döwlet bölümleri, meýletin we döwlet milisiýasy, merkezi jenaýaty agtaryş, zags, ýerli tussag ediş bölümi we beýlekiler girdi.

TSSR Rewkomynyň Prezidiumynyň 1924-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 18-ne bolan ýygnagynyň kararynda täze döredilýän narkomatyň gurluşy, ştatlary, şonuň bilen birlikde respublikanyň Içeri işler komissariaty tassyklandy we onuň düzüminde milisiýanyň baş dolandyryjysy edarasy, merkezi jenaýat agtaryş bölümi, ýerinde tussag etmek boýunça inspeksiýasy, zags we beýlekiler bar.

Ýolbaşçylyk etmek we beýleki praktiki işi ýola goýmak üçin TSSR Rewkomynyň 1924-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 22-ne RSFSR Içeri işler halk komissarlygy hakyndaky № 24 karar esasynda Türkmenistan Içeri işler komissarlygy döredildi.